JEMGYÝET

Garabekewülde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi Halaç etrabynyň Garabekewül şäherindäki «Diýar» toý mekanynda  «Garaşsyzlyk — göwün ganatym» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çärä edaralarda we guramalarda zähmet çekýän ýaşlar  gatnaşdylar.

Aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri barada gürrüň etdiler. Şol sanda Lebap welaýatynda, hususanda, Halaç etrabynda bolup geçen özgertmeler barada hem aýratyn durlup geçildi. Soňra Garabekewül şäher medeniýet öýüniň işgärleriniň konserti boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: