DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýagşymyradowyň indiki tutluşygy oktýabrda

Lebaply pälwan Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejesinde Bellator 300 ýaryşynyň çäginde polşaly Maseý Ružanski bilen duşuşar. Bu tutluşyk üstümizdäki ýylyň 8-nji oktýabrynda ABŞ-nyň San-Diego şäherinde geçiriler.

Ýeri gelende, Döwletjanyň soňky tutluşygyny şu ýylyň mart aýynda Bellator 292-de geçirendigini we onda eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä litwaly Žulias Anglikasdan üstün çykandygyny bellemek ýerlikli bolar. Maseý Ružanski bolsa soňky tutluşygyny şu ýylyň fewral aýynda Bellator 291 ýaryşynda britaniýaly Karl Mur bilen geçirip, ondan asgyn gelipdi.

34 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda 2020-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Ol bu guramada çykyş edýän ilkinji türkmen türgenidir. Döwletjan geçen döwürde geçiren tutluşyklarynda 20 gezek öz ýeňşini baýram etdi, 7 gezek utulyşa sezewar boldy, 1 gezek bolsa deňlik gazandy. Onuň indiki garşydaşy geçiren duşuşyklarynyň 14-sinde ýeňiş gazanyp, 4-sinde ýeňlipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: