JEMGYÝET

Ynjalyksyz ýagdaý zenany ulagynyň tizligini rugsat berilýäninden sagatda 100 kilometr ýokarlandyrmaga mejbur etdi

Geçen hepdede Beýik Britaniýanyň Derbişir şäheriniň polisiýasy «Mercedes-AMG G63» ulagyny sürüp barýan zenany saklady. Sagatda 70 mil (113 km/s) tizlikde sürmäge rugsat berilýän M1 awtomagistralynda ol ulagynyň tizligini 100—130 mile (161—209 km/s) çykardy. Bu barada  «mail.ru» habar berýär. Zenan şeýle ýokary tizlikde sürmeginiň sebäbini «hajathana gyssanýandygy» bilen düşündiripdir. Şonuň ýaly-da, onuň wagtlaýyn sürüjilik şahadatnamasy bar eken. Bu resminama ulagda tejribeli sürüjiniň hem bolmagyny talap edýär. Beýik Britaniýanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, polisiýa işgärleri awtoulagy ýörite duralga alyp gitdiler. Indi bu zenana indiki gezek öz ulagynda ýola çykmak üçin köp jerime tölemeli bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: