JEMGYÝET

Oktýabrda Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar gullukdan boşadylar

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2022-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylar. Şu döwürde harby gulluga çagyryş hem geçiriler. Gulluga çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk, şonuň ýaly-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlary çagyrylar.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: