YLYM WE TEHNIKA

Robot howpsuzlygy gorar

Amazon howpsuzlyk üçin robot goragçyny hödürledi. Ol özbaşdak ýa-da uzakdan dolandyrylýan enjamyň kömegi bilen hereket edip biler. Enjamyň bahasy 2349 dollardyr. Bu barada: «Amazon» kompaniýasy amerikan müşderileri üçin «Astro for Business» robotyny hödürledi ― diýip, «Spot» ýazýar.

Ol displeý we gijeki görnüşe eýe HD kamera bilen üpjün edilendir. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa goşmaça funksiýalary bolan üç görnüşli abunalygy hödürleýär.

Aýda 60 dollara «Astro Secure» abunalygy, robotyň özbaşdak ýa-da ulanyjy tarapyndan saýlanan ugurlar boýunça hereket etmegine we otagda işjeňleşdirilen hereket sensorlaryndan maglumat almagyna mümkinçilik berýär.

Aýda 20 dollara «Ring Protect Pro» hyzmaty enjamdaky ýazgylary 180 günüň dowamynda saklaýar.

Aýyna 99 dollara Wirtual Howpsuzlyk Gorag derejesi bir ýerde girenlerinde, sesler ýüze çykanda ýa-da beýleki şübheli hereketleriň bolmagyny anyklamakda roborta habarnamalary iberýär. Ondan peýdalanmak üçin «Ring Protect Pro» we «Astro Secure» abunalary hem bolmalydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: