Nury Halmämmedow bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly agşam geçirildi
Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebinde Nury Halmämmedowyň döredijiligi bilen baglylykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly agşam geçirildi.
Türkmenistanyň saz sungatynyň ösmeginde we kämilleşmeginde Nury Halmämmedowyň bitiren hyzmatlary uludyr. Onuň döredijiliginde Magtymgulynyň eserleri uly orny eýeleýär. Çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň guramaklarynda geçirilen agşamda kompozitoryň beýik şahyryň eserlerine döreden sazlary ýaňlandy. Skripkaçylar toparynyň Magtymgulynyň sözlerine ýerine ýetiren «Haýrana galar», «Uýat eýleýir» ýaly sazlaryna çärä gatnaşanlar uzak wagtlap el çarpdylar.
Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim», «Keçpelek», «Mukamyň syry» ýaly çeper filmlere ýazan, şeýle hem «Türkmenistan», «Türkmen sährasy» ýaly sazlary hem uly lezzet paýlady. Mekdebiň okuwçylary Timur Nurmamedow, Maral Atajanowa, Milana Ýagmyrowa bolsa Nury Halmämmedowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýazan sazlaryny pianinoda ezberlik bilen çalyp, myhmanlaryň göwünlerini awladylar.