MEDENIÝET

Köýtendagly suratkeş ösümlikleriň köklerinden täsin şekilleri ýasaýar

Köýtendagly mirasgär, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Oral Temirow ösümlikleriň guran köklerini ýygnap, taraşlap, sünnäläp, dürli şekilleri ýasaýar.

Oral aganyň aýtmagyna görä, käbir heýkeltaraşlar guran ot-çöplerde tebigat gözelliklerine degişli bir keşbi görýär we ony taraşlaýar. Şeýle görnüşde döredilen eserlere tokaý tapyndylary diýilýär.

Köklerden döredilen eserleriň arasynda ösümlikleriň we haýwanlaryň şekilleri aýratyn orny tutýar. Köýtendagda ýaşaýan jandarlaryň we guşlaryň şekillerini taraşlaýan suratkeş öz eserlerinde olaryň özüne mahsus aýratynlyklaryny suratlandyrmaga çalyşýar. Onuň döreden durna jübütleri biri-birine bolan söýgüsini tanslarynyň üsti bilen aňladýar. Oral aga köklerden ýasalan täçli, käkilli, şelepli durnalar barada rowaýatlaryň manysyny döredijiligine siňdirýär.

Oral Temirow öz döreden eserleri bilen suratkeşleriň arasynda geçirilýän sergilere-de işjeň gatnaşýar.

Oral Temirow 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 2017-nji ýylda oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: