JEMGYÝET

Magdanly çörek önümçilik bölüminde her aýda çörek we çörek önümleriniň 110 tonnadan gowragy bişirilýär

Dostluk galla önümleri kärhanasynyň Magdanly çörek önümçilik bölüminiň zähmetkeşleri çöregiň ilhalar görnüşleriniň Magdanly şäheriniň we Garlyk şäherçesiniň ilatynyň saçagynda bol bolmagyny gazanýarlar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Çörek bişirijiler her aýda çörek we çörek önümleriniň 110 tonnadan gowragyny ilata ýetirýärler. Bu görkeziji iş meýilnamalarynyň aýba-aý artygy bilen berjaý edilýändigini görkezýär. Bölümiň başlygy Berdi Taşow işde ýaşaýjylaryň isleglerinden ugur alnyp, çörekleriň tagamyna we hiline aýratyn üns berilýändigini aýdýar. «Ahal çöregi», «Altyn däne», «Altyn bugdaý» ýaly çörek we çörek önümleri ilatyň olara bolan islegini doly kanagatlandyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: