BIZE YAZYARLAR

Gözel tebigatly owadan bahar pasly

Pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp, gül-gunçalar lälezarlyga öwrülýär. Tebigatyň janlanyp, tebigat gözellikleriniň şugla saçýan pursatlary babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp, yhlas siňdirip, bol hasylyň düýbüni tutmaga girişýärler. Baharyň ajaýyp günleri özüniň arassa, mylaýym howasy bilen jana tenekar bolup, zähmete hyjuw, Watana söýgi döredýär. Türkmen tebigatynyň täsinliklerini söz bilen beýan edip soňuna çykar ýaly däl. Ýurdumyzyň islendik künjeginde aklyňy haýrana goýýan täsinlikleri mese-mälim görmek bolýar. Bahar paslynyň şu günleri daş-töwerek has-da gözelleşýär. Günüň nuruna eýlenen täsin tebigat ýazda üýtgeşik görnüşe girýär. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini äleme çaýýar. Ähli pasyllaryň hem özboluşly gözelligi, aýratyn öwüşgini bar. Ýöne bahar paslynyň gözelligine taý geljek gözellik ýokdur. Bahar ähli pasyllaryň soltany hasaplanylýar. Baharda baýyrlar, düzler, giň sähralar ýaşyl begrese bürenýär. Agaçlar pyntyk ýaryp, dünýäniň owadanlygyna has-da görk berýär.

Guşlaryň biri-birinden galmajak bolup saýraýyşlary, säher bilen asudalygyň aýdymyny aýdyşlary diýseň täsin. Asmandan inýän ýagyş damjalary öz akymy bilen adamlaryň göwünlerini galkyndyrýar hem-de goja Zemine rysgal-bereket paýlaýar. Gözel tebigatly owadan bahar pasly özüniň tämiz, ýakymly we ajaýyp howasy bilen dünýämize, ýüreklerimize aralaşýar. Baharyň her bir güni, her pursaty owadan. Baharyň ýüreklerde joşgun döredip, janly-jandarlary, tutuş tebigaty oýaryşy owadan. Baharda Zeminiň ýaşyl begrese bürenip, oňa-da elwan güllerden keşde çekişi owadan. Owadan bahar pasly her gezek jahana dolanda täsin bir röwüş bilen nurlanýar. Tebigatyň häsiýeti ynsanyň häsiýetinde şöhlenenen bolmaly. Gözelligiň soltany bolan näzijek güller ýaz paslynda has-da owadan görke eýe bolýarlar. Göýä olar ynsan mährinden güýç alýan ýaly, ýaz şemalyna ýuwaşja ygsyldap, öwüşgin atýarlar. Daşymyzy gurşap alan ak, gyzyl, sary, gyrmyzy güller gözelligiň hem bagtyň nyşany kimin yslaryny çar tarapa ýaýradýarlar. Tebigatyň gözelligine gözellik goşýan ösümlikdir haýwanat dünýäsi täsindir. Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty türkmenleriň ruhy dünýäsi bilen baglanyşyklydyr. Bu hakykat adam bilen tebigatyň ysnyşykly, jebis ýaşaýandygynyň alamatydyr.

Açilowa Näzik

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: