Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek mejlisine Saýat etrabynyň jemgyýetçilik wekilleri hem taýýarlykly barylýar. Şu günler etrap halk maslahatynyň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli wekilleri ählihalk maslahatyna taýýarlyk görýärler.
Halk Maslahatyna Saýat etrabyndan 50 töweregi jemgyýetçilik wekiliniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar etrabyň iň abraýly adamlarynyň arasyndan saýlanyp alyndy. Şeýle hem ählihalk maslahatynyň öňüsyrasynda etrabyň ýaşaýjylarynyň teklipleri öwrenildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuny tutumly Geňeş — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini bilen garşylamak toýuň dabarasyna dabara goşar. Her ýyl bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu gezekki mejlisi hem taryhy çözgütlere baý bolar.
Arzuw ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy