SPORT WE SYÝAHAT

Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Dänew, Farap we Saýat etraplaryndan jemi 90 türgen gatnaşdy.
Ýaryşlar şahsy, jübütleýin we garyşyk görnüşlerinde geçirildi. Şahsy görnüşde oglanlaryň arasynda türkmenabatly Faruh Ergeşow birinji, dänewli Matweý Şwesow ikinji we türkmenabatly Adylbek Jumanow bolsa üçünji orny eýelediler. Gyzlaryň arasynda hem orunlar hut şu tertipde paýlaşyldy. Maýsa Astanowa (Türkmenabat şäheri) iň köp utuk gazanyp, hemmelerden öňe saýlandy. Gözel Glyjowa (Dänew etraby) bolsa ikinji orun bilen ylalaşmaly boldy. Aýşat Atajanowa (Türkmenabat şäheri) turniriň jedwelinde üçünji orna düşdi.
Jübütleýin görnüşde oglanlaryň arasynda Dänew etrabyndan gelen Matweý Şwesow we Arslan Aýtmetow dagylar iň gowy oýunçylardygyny subut etdiler. Ikinji we üçünji orunlary bolsa türkmenabatly Faruh Ergeşow, Adylbek Jumanow hem-de Meýlis Ýusupow, Maksat Batyrow dagylar degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda geçirilen duşuşyklarda türkmenabatly Maýsa Astanowa we Aýşat Atajanowa birinjiligi eýelediler. Ikinji orny saýatly Maýsa Joraýewa bilen Dänewli Gözel Glyjowadan düzülen topar eýeledi. Üçünji orun Türkmenabat şäherinden Leýli Ataýewa we Dänew etrabyndan Merjen Merdanowa dagylaryň paýyna düşdi.
Garyşyk toparda dänewli Matweý Şwesow we Gözel Glyjowa hemmelerden öňe saýlanmagy başardylar. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde türkmenabatly türgenler Faruh Ergeşowdan, Aýşat Atajanowadan hem-de Adylbek Jumanowdan, Merjen Merdanowadan düzülen toparlar eýelediler.
Toparlaýyn görnüşde orunlar oglanlaryň we gyzlaryň arasynda birmeňzeş paýlaşyldy. Türkmenabat şäheriniň topary birinji, Dänew etrabynyň topary ikinji, Farap etrabynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply