Türkmenistanyň kuraş boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şirin Kubaýewa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adyň eýesi boldy.
Häzirki wagtda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Ş.Kubaýewanyň şägirtleri noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň sekizisine mynasyp boldular. Şol sanda, olaryň üçüsi altyn medaldyr.