BILIM

Orta mekdeplerde döwlet synaglary başlandy

Şu gün bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde hem uçurymlar döwlet synaglary tabşyrmaga girişdiler.
Olaryň öňlerinde ene dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, algebra we analiziň başlangyçlary dersleri boýunda synaglary tabşyrmak wezipesi dur. Şonuň ýaly-da, öz saýlap alan ugurlary boýunça ýene bir dersden synagdan geçmeli bolarlar.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde onunjy synpdan başlap, her okuwçy özüniň çuňňur bilim aljak ugruny saýlap alýar.
Şu ýyl orta mekdepleri oglanlaryň we gyzlaryň 17 500-den gowragy gutarýar. Gutardyş synaglaryny 18-nji iýuna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply