Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi ýörite okuwlary gurady

Oct 30, 2021

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guramagynda Türkmenabat şäherinde, Çarjew, Farap we Dänew etraplarynda lukmandan deslapky ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuwlar geçirildi. Olara orta mekdepleriň biologiýa we ýaşaýyş-durmuş esaslary derslerini okadýan mugallymlary gatnaşdylar.

Okuwlarda dürli ýagdaýlar ýüze çykan wagtynda lukmanlar gelýänçä, ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullary öwredildi. Kömek berýäniň anyk ýagdaýlarda etmeli hereketleri barada slaýdlar, wideoýazgylar görkezildi. Jemgyýetiň lukmanlary manekende ilkinji lukmançylyk kömeginiň berilişiniň tejribede amala aşyrylyşyny görkezdiler. Soňra okuwa gatnaşanlar olaryň görkezenlerini gaýtalamak arkaly alan bilimlerini tejribede berkitdiler.

Adblock
detector