Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň we Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi

May 30, 2021

2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda wideoaragtnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi, diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda owgan tarapyndan Hyrat, Badhyz, Jowuzjan we Farýab welaýatlarynyň häkimleri, türkmen tarapyndan bolsa Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimleri çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda TOPH we TOP taslamalaryň, Turgundy-Hyrat demirýolunyň, iki ýurduň degişli welaýatlarynyň häkimlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi.
Owgan tarapy Türkmenistanyň serhetýaka welaýatlarynda owgan banklarynyň biriniň şahamçasyny, Saglyk öýüni açmak, ammarlary, mekdepleri gurmak, şeýle hem guradylan miweleriň sergisini, sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça teklipleri orta atdy.

Leave a Reply