TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň habarçylaryň nokadyny açmagyň meselesine seredildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşdy, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar KHBS ugry boýunça maglumat alyş-çalşygy we özara hereketleriň ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň maglumat syýasatynyň ösüşine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan «Mir» DTRK Türkmenistanyň işjeň hem ynamdar hyzmatdaşy bolup durýar.
Uzak möhletleýin iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanda «Mir» DTRK-nyň habarçylaryň nokadyny açmagyň, okuw sapaklary we stažirowkalary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi. Türkmen tarapynyň «Mir» DTRK-a özüniň köpmillionly auditoriýasy bilen döwletleriň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän öňdebaryjy we abraýly teleradiokompaniýa hökmünde seredýändigi nygtaldy.
Şeýle-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşiniň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply