MILLI BAÝRAMÇYLYKLARTÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu gün Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär

Şu gün Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli muzeýlerde, kitaphanalarda sergiler guraldy, maslahatlar, halyçylar bilen duşuşyklar geçirildi, konsertler boldy.
Lebap welaýatynyň köp etraplarynda halyçylyk bilen meşgullanmaýan zenan ýok diýen ýaly. Olar ýaşlygyndan nesilme-nesil geçirilip gelinýän bu sungatyň inçe syrlaryny öwrenýärler. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda bolsa haly we haly önümlerini senagat taýdan öndürýärler. Bu ýerde gelin-gyzlaryň 2400-den gowragy zähmet çekýär. Kärhana ökde halyçylaryň toplanan ýeri. Olaryň 30-a golaýy «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady göterýärler.
Bu ýerde önümhanalaryň 4-si bar. Kärhanada her ýylda haly we haly önümleriniň 7,5—8 müň inedördül metre golaýy dokalýar. Geçen ýyl halaçly halyçylar 200 inedördül metr haly we haly önümlerini meýilnamadan artyk dokadylar. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 3692 inedördül metr haly we haly önümleri dokadylar we meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler.
Kärhanada dokalan haly we haly önümleri ýakyn wagtda Türkmenabat şäherinde ulanylmaga tabşyrylmagyna garaşylýan «Türkmeniň ak öýünde» hem goýlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply