JEMGYÝET

Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige aldy

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisinde Ahal we Mary welaýatlarynyň raýatlarynyň teklipçiler toparlarynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň iň ýokary döwlet wezipesine hödürlän dalaşgärlerini bellige almak meselesine seredildi, diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi, «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy bellige aldy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine bellige alnan dalaşgärlere degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: