JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn sergi açyldy

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde aýal-gyzlaryň Halkara gününe bagyşlanan «Zenan — ýaşaýşyň dowamy» atly wagtlaýyn sergi açyldy.

Onda gelin-gyzlaryň eşikleri, el işleri, nakgaşlary çeken suratlary, kiçi heýkeltaraşlyk eserleri, milli saz gurallary we beýlekiler goýulypdyr. Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary, welaýat kitaphanasynyň işgärleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleri erginiň ilkinji tomaşaçylary boldular.

Sergi açylmazyndan ozal sergi bilen ady bir dabaraly maslahat geçirildi. Onda aýal-gyzlaryň jemgyýetde tutýan orny, olar döwlet tarapynda berilýän ýeňillikler, olaryň maşgaladaky orny, milli däp-dessurlary saklamakda we ösüp gelýän nesle öwretmekde olaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: