TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: