TÜRKMENISTAN HABARLARY

Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyk meýdançasynda boldy

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň barşynda bu ýerde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň guruljak ýerine geldi we Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazowyň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň toplumynyň şekil taslamalarynda merkeziň dolandyryş binasy, saglyk nokady, onuň otaglarynyň içki görnüşleri, 2 gatly 20 orunlyk awtoduralga we onuň ýerleşjek ýeri görkezildi.

Soňra türkmen Lideri Ahal welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Taslamany düzüjiler ony şu ýerden uzak bolmadyk ýerde ýerleşen, halkymyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Paryzdepäniň mysalynda taýýarlapdyrlar. Şeýle-de beýikligi 115 metr boljak Baýdak sütüniniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda guruljak duralgalaryň, olaryň içinde oturdyljak oturgyçlaryň, yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary görkezildi. Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki hem bina ediler. Şekil taslamalarynda bu desganyň eýwanynyň, içki bezeginiň dürli görnüşleri görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, käbir belliklerini we düzedişlerini girizdi hem-de welaýat merkeziniň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak baradaky meselelere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: