TÜRKMENISTAN HABARLARY

2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň býujeti taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow işlenip taýýarlanylan 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berdi.

Düýpli maýa goýumlarynyň belli bir möçberini önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilýär. 2022-nji ýylda maýa goýumlaryny, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasda önümçilikleri ýola goýmaga, ýokary goşmaça bahaly pudaklary ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Resminama Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: