SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi

Lebap welaýat häkimliginde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi, diýip «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Şolaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwlet tarapyndan giň şertleriň döredilmegi arkaly ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge ukyply bazar ykdysadyýetini kämilleşdirmek bar.

Dalaşgär söhbetdeşligiň dowamynda saýlawçylaryň ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli sowallaryna jogap berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: