SYÝASAT

Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagyna iki sagat galanda Prezident saýlawlaryna Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň 90%-den gowragy gatnaşdy

Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagyna näçe az wagt galdygyça, gizlin ses bermek üçin goýlan kabinalara girip çykýan saýlawçylaryň sany hem köpelýär. Lebap welaýatynda sagat 17-ä çenli saýlawçylaryň 92,37%-i ses berdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek barada merkezi toparyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan boýunça bu görkeziji ondan hem ýokary. Ýurt boýunça sagat 17-ä çenli saýlawçylaryň 93,19% ses berdi.

Ahal welaýatynda saýlawçylaryň 93,22%-i, Balkan welaýatynda — 95,39%-i, Daşoguz welaýatynda — 92,78%-i, Lebap welaýatynda —  92,37%-i, Mary welaýatynda — 93,57%-i, Aşgabat şäherinde — 93,58%-i ses berdi.

Daşary ýurtlarda döredilen saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň 82,37%-i ses berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: