JEMGYÝET

Türkmenistanyň ilaty tebigy gaz bilen üpjün edilýär

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň işçileri welaýatyň Sakarçäge şäherinde täze dörän ilatly ýerlerinde gurulýan ýokary basyşly gaz geçirijiniň bir müň elli alty metrinde gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirdiler. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.

Edaranyň hünärmenleridir işçileri welaýatyň Türkmengala etrabynyň çägindäki «Tutly» gaz paýlaýjy bekedinden gözbaş alyp, Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşigine çenli aralyga çekilen gaz geçirijiniň durkuny täzelemek işlerini hem ýokary depgin bilen dowam etdirýärler. Olar täzelikde diametri 530 millimetr bolan bu ýokary basyşly ýerasty gaz geçirijiniň ýene-de bir müň dokuz ýüz segsen dört metrinde gurluşyk-gurnama işlerini tamamlap, ulanmaga berdiler. Gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary şu ýylyň ýanwar aýynda Sakarçäge etrabynyň «Görelde» daýhan birleşiginiň çäginde uzynlygy ýedi ýüz on metr bolan ýokary basyşly gaz geçirijiniň durkuny täzelemek işlerini hem ýerine ýetirdiler.

Gazçylar welaýatyň Türkmengala etrabynyň «Soltanýap», Murgap etrabynyň «Şordepe» daýhan birleşikleriniň çäklerindäki ýokary basyşly gaz geçirijileriň durkuny täzelemek işlerini dowam etdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: