Lebapda maşgala mukaddesligine bagyşlanan duşuşyklar geçirildi
Lebap welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde ýörite düzülen toparyň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramaklarynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Duşuşyklaryň maksady watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn, medeni aň düşünjeleri ösen, giň dünýägaraýyşly ýaşlary, zenanlary jemgyýetçilik çärelerine işjeň çekmeklikden ybaratdyr. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän we dürli ugurlarda bilim alýan gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Duşuşyklar Köýtendag, Hojambaz, Darganata etraplarynda geçirilip, olarda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, merkezi gazet-urnallaryň döredijilik işgärleri, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekili ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent sarpa, şeýle-de aýal-gyzlaryň maşgaladaky orny dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Ýurdumyzda zenanlaryň işjeňligini ösdürmekde we olaryň dünýä medeniýetindäki ornuny has-da artdyrmakda geçirilýän şeýle çäreleriň ähmiýeti uludyr.