Şu gün Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirilýär. Lebap welaýatynda hem bu syýasy çärä taýýarlykly geldiler. Ertir irden sagat ýedide saýlaw uçastoklarynyň ählisi gapysyny açdylar.
Ses bermeklik welaýat boýunça 559 saýlaw uçastogynda geçirilýär. Olaryň ählisi ozalyndan saýlawlary geçirmäge doly taýýar edildi. Olar gizlin ses bermek üçin kabinalar, býulleten oklamak üçin gutular goýuldy, saýlaw toparlarynyň işlejek ýerleri gerekli zatlar bilen üpjün edildi. Saýlawçylaryň sanawy düzüldi. Welaýat boýunça jemi 709 müň 150-ä ýakyn saýlawçy hasaba alyndy.


