SPORT WE SYÝAHAT

«Altyn Asyr» birinji ýaryş tertibinde orny eýelemegini dowam edýär

Futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynda 11-nji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary «Altyn Asyr» hem-de «Ahal» toparlary ýeňiş gazandylar.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda myhmançylykda «Köpetdagy» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Altyn Asyr» topary toplan 27 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Türkmenbaşyda ýerli «Şagadam» bilen duşuşan «Ahal» hem şol bir hasap bilen ýeňiş gazandy. Gazanan bu ýeňşinden soň ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeleýän «Ahal» 22 utuk toplady. Ýaryş tertibiniň üçünji, dördünji orunlaryny degişlilikde «Şagadam» (17 utuk) hem-de «Köpetdag» (14 utuk) toparlarynyň eýeleýändiklerini ýatladýarysю

Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Merw» «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz toplaryň ikisini geçirmegi başardy. Paýtagtymyzda ýerli «Aşgabat» bilen Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy (3:0).

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji dekabrda geçirilip, onda «Altyn Asyr» — «Aşgabat», «Energetik» — «Şagadam», «Nebitçi» — «Merw» hem-de «Ahal» — «Köpetdag» toparlary duşuşarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: