SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti onlaýn-sammite gatnaşdy

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Onlaýn-sammite Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň döwlet Baştutanlary Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Baştutany bu sebitiň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň Hytaý bilen köpasyrlyk gatnaşyklaryny nygtamak bilen, şu günki sammitiň geçirilmeginiň özüniň dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz pugtalandyrylmagynyň derwaýyslygyna doly düşünmek arkaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara hereketlere berilýän ünsüň aýratyn ähmiýetine şaýatlyk edýändigini belläp geçdi.

Milletimiziň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Hytaýdan gaýdyp Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň hem-de öňe gidişliginiň faktory bolmak bilen, bu ýol arkaly özara hereketleriň, hoşniýetli goňşuçylygyň, bilimleri, ylymda we medeniýetde gazanylanlaryň alyşylmagynyň ägirt uly hem-de özboluşly tejribesi toplanypdyr. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçýän strategiki häsiýete eýe bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini deňhukuklylyga, köptaraplaýyn bähbitleriň ileri tutulmagyna esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň anyk mysaly hökmünde beýan etdi.

Ynsanperwerlik, bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ylmy we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem sammitiň barşyndaky ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. 

HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň jemleýji çykyşyndan soňra Döwlet baştutanlary onlaýn-sammitiň netijeleri boýunça bilelikdäki beýannamany kabul etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: