TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri yglan edildi

«Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermegiň netijeleri barada maglumat çap edildi. Onda Lebap welaýatyndan aşakdakylaryň Halk Maslahatynyň agzalygyna aşakdakylaryň saýlanandygy barada habar berilýär:

Bekiýew Ahmed Rahmedowiç — «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Rysgally Lebap» şahamçasynyň karz amallary we pul dolanyşygy bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Çaryýew Begenç Ýangibaýewiç — «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň başlygy, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy.

Halow Babamurat Magsatgulyýewiç — Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap häkimliginiň iş dolandyryjysy, Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy.

Pigamow Bähbit Ýagmyrowiç — Lebap welaýatynyň Saýat etrap häkimliginiň 8-nji başlangyç hünär
okuw mekdebiniň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary, Saýat etrabynyň ýaşaýjysy.

Rejepowa Gülnaz Allabergenowna — Lebap welaýatynyň Çärjew etrap häkimliginiň raýat ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Saparowa Umida Babahanowna — «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň işgärler we hukuk işi bölüminiň başlygy, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Seýidowa Bahar Hojamuradowna — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Ýangibaýew Magtym — Lebap welaýat häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply