YKDYSADYÝET

Tehnikalar bugdaý ekişine taýýar

Lebap welaýatynda bugdaý ekijileriň 200-den gowragy taýýarlyk hataryna goýuldy, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Mundan başga-da, malalaryň 558-sine, dişli boronalaryň 8 müňden gowragyna, çizelleriň hem 28-sine tehnika taýdan hyzmat edilip, zerur bolanlary doly abatlanyldy. Bu işleri etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň abatlaýjylary ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler. Şular bilen birlikde ekişde işlediljek tehnikalary abatlamak işleri hem üstünlikli dowam etdirilýär.

Üstümizdäki ýylyň güýzünde welaýatymyz boýunça 130 müň gektar meýdana bugdaý ekiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: