YKDYSADYÝET

Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň möçberi artýar

«Türkmennebit» döwlet konserni nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça meýilnamany 100,7 göterim berjaý etdi.

Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,3 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 111 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,3 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama bolsa 124,3 göterim amal edildi.

Bu maglumatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde getirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: