JEMGYÝET

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisi geçiriler

Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly ХXI köpugurly halkara sergisi geçiriler. Oňa ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy gatnaşmaga isleg bildirýär.

Onda Türkmenistanyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň täze teklipleri we gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: