SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi

Şu gün, 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynda birinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi, diýip Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Aşgabatda «Energetik» bilen duşuşan geçen ýylyň çempiony «Altyn Asyr» topary ynamly ýeňiş gazanyp (3:0), toplan 6 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçmegi başardy.

«Aşgabat» stadionynda «Nebitçini» kabul eden «Ahal» hem ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. «Ahalyň» futbolçylary garşydaşynyň derwezesinden netijeli urgularyň ikisini geçirdi (2:0). Türkmenbaşyda ýerli «Şagadam» «Merwden 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Bu tapgyrda «Köpetdag» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasynda bolmaly duşuşyk 12-nji noýabrda geçiriler.

Futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 29-njy oktýabrda geçiriler («Altyn Asyr» – «Ahal», «Merw» – «Köpetdag», «Nebitçi» – «Şagadam», «Energetik» – «Aşgabat»).

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: