Nur Soltanda geçirilen halkara oba hojalyk sergisinde Gazagystanyň Halkara sanjym merkezi tarapyndan pişikler üçin döredilen «NARUVAX-C19» (öý haýwanlary) subunit sanjymy bilen tanyşdyryldy, diýip «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.
Käbir öý haýwanlarynda, esasanam, pişiklerde «COVID-19» töwekgelçiliginiň ýokarydygy we bu haýwanlaryň wirusyň mutasiýa sebäp bolup biljekdigi mälim edildi.
Işlenip düzülen sanjymyň pişiklerde synag edilendigi habar berlen beýannamada: «Munuň doly howpsuzdygy we “COVID-19”-dan goraýandygy kesgitlenildi. Bu sanjym sebäpli haýwanlarymyzy wirusdan gorap bileris diýip umyt edýäri» — diýilýär.