Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Alymlar Ýeriň aýlanyş tizliginiň peselendigini ýüze çykardylar

Oct 26, 2021

2020-nji ýylda çaltlaşandan soň Ýeriň aýlanyş tizligi kadalaşdy. Ýöne hronometrçiler indiki on ýyllykda «goşmaça otrisatel sekundy» goşmagyň zerurlygynyň ýüze çykmagynyň mümkindigini belleýärler, diýip «mail.ru» ýazýar.

Bir ýer güni ortaça 86 400 sekunddan (24 sagatdan) durýar. Ýöne ýeriň aýlanmasyny durnukly diýip aýdyp bolmaýar. Ol wagtal-wagtal ýadrosynyň, ummanlaryň we atmosferanyň hereketine baglylykda üýtgeýär. Wagty ölçemegiň halkara standarty — uniwersal sazlaşdyrylan wagt (UTC) atom sagadyna esaslanan. Ol wagty atomdaky absolýut nola çenli sowadylan elektronlarynyň hereketi boýunça ölçeýär. Atom sagatlary dogry we üýtgewsizdir.

Adblock
detector