SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň çempionatynda lebaply türgenleriň ikisi baýrakly orna mynasyp boldular

Agyr atletika boýunça Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda lebaply türgenler hem üstünlikli çykyş etdiler. Baýrakly orunlary eýelänleriň arasynda dänewli agyr atletikaçy gyzlaryň ikisi bar. Ýagny, 81 kilogram agram derejesinde çykyş eden Gulbahar Permanowa silterläp 53, itekläp 60 kilogram agramy galdyryp, birinjilige eýe boldy. Etrabyň türgenleriniň ýene-de biri — Aýgözel Tyllaýewa bolsa 59 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Onuň görkezen netijesi silterläp götermekde 46, itekläp götermekde bolsa 55 kilograma deň boldy. Netijede bu türgen gyz ýaryşyň üçünji baýrakly ornunyň eýesi boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: