YKDYSADYÝET

Türkmenistanly telekeçi ýokary hilli aýakgap öndürýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän telekeçi Baýramsähet Meňliýewe degişli önümçilik kärhanasynda «MMB» haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär

Önüm öndürmek üçin gerekli çig mal «Aksuw» hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki iri şahly mallaryň deri önümlerini gaýtadan işläp çykarmaga ýöriteleşdirilen kärhanasyndan alynýar. 

Kärhananyň önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. «MMB» haryt nyşanly aýakgaplar Russiýa, Gruziýa, Ermenistana eksport edilýär.

Kärhana geljekde önümleriň görnüşlerini giňeltmegi, zenanlar üçin niýetlenen aýakgaplary öndürmegi maksat edinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: