YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde meýilnamadan artyk önüm öndürildi

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde üç aýyň meýilnamasynda bellenilen 847,8 tonnanyň ýerine 890,1 tonna nah ýüplük öndürildi. Munuň özi 700 müň manatlykdan gowrak önümiň artyk öndürilendigini aňladýar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Şu ýyl fabrik boýunça 3536, 7 tonna nah ýüplük öndürmek meýilleşdirildi.

Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümlere dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Eksporta iberilýän önümleriň artmagynda Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň aýratyn paýy bar. Geçen döwürde öndürilen önümleriň aglaba bölegi Russiýa, Eýrana, Gyrgyzystana eksporta iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: