SPORT WE SYÝAHAT

Altynjy tapgyryň duşuşyklarynyň jemi boýunça «Ahal» öňde barýar

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň altynjy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi, diýip,  Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Ahal» topary «Aşgabat» toparynyň garşysyna geçiren duşuşygyny 3:1 hasabynda öz peýdasyna tamamlap, toplan 16 utugy bilen öňdäki orny eýelemegini dowam edýär.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» paýtagtymyzyň «Köpetdagyndan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Gazanan bu ýeňşinden soň 13 utuk toplan «Şagadam» ikinji orny eýeleýär.

Ýaryş tertibinde üçünji basgançagy eýeleýän «Altyn Asyr» topary hem bu tapgyryň duşuşygyny öz peýdasyna tamamlady. Paýtagtymyzyň topary Marynyň «Merwini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Maryda ýerli «Energetik» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy – 2:0.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 19-njy noýabrda geçiriler: «Aşgabat» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Altyn Asyr», «Köpetdag» – «Energetik», «Merw» – «Ahal».

 

Ýaryş tertibi:

 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Ahal» 6 5 1 0 16-4 16
2. «Şagadam» 6 4 1 1 14-9 13
3. «Altyn Asyr» 6 4 0 2 13-10 12
4. «Nebitçi» 6 1 3 2 2-5 6
5. «Aşgabat» 6 1 2 3 7-10 5
6. «Merw» 6 1 2 3 10-14 5
7. «Köpetdag» 6 0 4 2 7-10 4
8. «Energetik» 6 1 1 4 5-12 4

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: