YKDYSADYÝET

Türkmenistan Azerbaýjana benzin iberijileriň esasylarynyň hatarynda

2022-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Azerbaýjan Türkmenistandan 36 müň 571 tonna «AI-92» belgili awtomobil benzini satyn aldy, diýip, «CentralAsia.news» saýty habar berýär.

Şonda importyň umumy möçberi 41 731,96 dollara barabar bolupdyr. Netijede Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasyna «AI-92» benzini satýan ýurtlaryň arasynda ikinji orny eýeläpdir.

Birinji orunda Russiýa durýar. Bu ýurtdan umumy bahasy 125 645,95 dollara barabar bolan 109 müň 184?1 tonna benzin import edilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: