YKDYSADYÝET

Çärjew etrabynda geçen ýylda ekerançylyk önümlerini öndürmekde iň ýokary netije gazanyldy  

 Munuň şeýledigine etrabyň gök ekerançylarynyň we bakjaçylarynyň 2022-nji ýylda gazanan netijeleri aýdyň şaýatlyk edýär. Etrabyň ähli hojalyklary boýunça gök önümleriň 82 müň tonnasy, bakja önümleriniň 25,4 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 12,04 müň tonnasy, ýeralmanyň hem 37,2 müň tonnasy öndürildi. Şonuň netijesinde öňki ýyl bilen deňeşdirilende gök önümler boýunça 2,6 göterim, bakja boýunça 6,1 göterim, miweler we ir-iýmişler boýunça 8,8 göterim, ýeralma boýunça 2,4 göterim artyş depgini gazanyldy. Bu görkezijiler welaýatyň etraplarynyň arasynda iň ýokary görkezijilerdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: