MEDENIÝET

Türkmenabat şäherinde ýapon aýdym-sazynyň konserti boldy

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Ýaponiýanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Ol Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynsybetli guraldy.
Konsertde sazanda Katsumu Matsumoto sýamisen we fukukumi saz gurallarynda sazlary ýerine ýetirdi. Halk aýdymlaryny ýerine ýetiriji Ýosiko Matsumoto ýaponlaryň ruhy dünýäsini açyp görkezýän, durmuş bilen baglanyşykly dürki wakalar beýan edilýän aýdymlary ýerine ýetirdi. Halk tanslaryny ýerine ýetirýän Çiho Komatsu bolsa hemmeleri özüniň sazlaşyky hereketleri bilen haýran galdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: