JEMGYÝET

Aşgabatda nemes klassyky sazynyň agşamy geçirildi

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Rasul Kliyçewiň dolandyrmagynda Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň baýramçylyk konserti boldy.Ol Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

 Türkmenistanyň Medeniýet ministrligini FRG-niň Ilçihanasy bilen bilelikde guran çäresine jemgyýetçilik, medeniýet we sungat işgärleri, ýurtdaky diplomatiki korpusyň we halkara guramalaryň wekilleri, şonuň ýaly-da paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Konsertde meşhur nemes klassyky kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: