Türkmenistanda söwda dolanyşygynda öňe gidişlikler bar
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, öndürilen önümiň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 133,8 göterime, nah matalaryň önümçiligi 125,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 119,8 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 109,1 göterime deň boldy.
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 120,7 göterim ýerine ýetirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 108,1 göterime barabar boldy.
Bu barada düýn Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.