«Xiaomi»-niň täze gajeti yşygy sesiň kömegi bilen ýakmaga we öçürmäge mümkinçilik berer
Hytaý kompaniýasy önümlerini sanawyny täze gajet — «Mijia Smart Switch Zero Fire Edition» diýlip atlandyrylýan akylly elektrik çatyjysy we öçürijisi bilen doldurdy. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Ol dürli ýagdaýlary döretmek, şonuň ýaly-da ýagtylygy ses we elde dolandyrmak üçin beýleki akylly enjamlar bilen ýeňil birleşdirilýär.
Ses bilen dolandyrýan ukyby bolan enjam «Xiaomi» akylly öý ekoulgamy bilen dolulygyna sazlaşýar. Ulanyjy gajetiň düzedişine çatyjynyň düwmesine basmazdan yşygy ýakmak we öçürmek üçin dürli atlary we buýruklary girizip biler.
Şonuň ýaly-da, gajet elektrik energiýasynyň sarp edilişine hem gözegçilik edýär. Onuň goşundysynda energiýanyň bir aýda ýa-da bir günde sarp edilen mukdaryny görüp bolýar.