YKDYSADYÝET

Lebap welaýaty 2023-nji ýyly üstünlikli jemledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi. Onda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalary hem-de inženerçilik ulgamlaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri alnyp barylýar. Gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany hasabaty diňläp, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, M.Erkaýewi Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä E.Açylowy belläp, ony Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, A.Rozyýewi Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Seýidowy belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: