YKDYSADYÝET

Türkmenistanda nebiti gaýtadan işlemegiň möçberi artýar

Birinji çärýekde nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,7 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnama 121,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 118,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 107,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 124,4 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 102,5 göterime, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 107,4 göterime, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň ösüşi 103,4 göterime deň boldy.

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak boýunça meýilnama 100,9 göterim ýerine ýetirildi.

Bu barada düýn Ministrler Kabinetiniň mejlisi wagty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat berdi

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: