YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda pile tabşyryp başladylar

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Mürzebeggala», S.A.Nyýazow adyndaky we «Azatlyk» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň ilkinjileri hatarynda pile tabşyryp başlandygy barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

«Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçiler Ogulsabyr Pygamowa 23, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Nabat Alykulowa 13, «Azatlyk» daýhan birleşiginden Myrat Karaýew 31 kilogram pile tabşyrdylar. Olaryň möwsümde ýene-de onlarça kilogram pile tabşyrmagy meýilleşdirýändiklerini neşir habar berýär.

Şu möwsümde welaýat boýunça 1010  tonna pile öndürmek öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzir 23 müňden gowrak ýüpekçi ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen meşgullanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: