SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen pälwanlary dünýä kubogynda 12 medal gazandylar

 Türkmen türgenleri ýakynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça geçirilen dünýä kubogyndan 12 medal bilen dolandylar. Bu abraýly ýaryşda gazanylan medallaryň 2-si altyn, ýene şonçasy kümüş, 8-si bolsa bürünç medallardyr.

Türkmenistanly türgenler guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda Russiýanyň we Özbegistanyň wekillerinden soňra, toparlaýyn hasapda üçünji orny eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: